Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berdi!

Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Şoňa görä, galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

26-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Diýarymyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Rysgal-berekediň gözbaşy ak bugdaýyň mekany bolan eziz Diýarymyzda her ýyl galla öndürmek babatynda-da uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan özüniň sarp edýän gallasyny özünde öndürýän ýurtdur. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkyň parahat hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň aýdyň netijesidir.

Türkmen babadaýhanlaryna ene toprakdan bol hasyl öndürmek üçin giň şertleriň döredilendigini buýsanç bilen bellemek isleýäris. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy döwrebap tehnikalar bilen doly üpjün edildi. «Daýhan mert — ýer jomart» diýlişi ýaly, ene toprakdan bol hasyl almak üçin yhlasly zähmet hem, harajat hem birjik-de gaýgyrylmaýar. Eziz Diýarymyzyň giň galla meýdanlaryny synlanyňda buýsançly başyň göge ýetýär.

Begenç MÜLKIÝEW,

Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok