Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz derde derman ösümliklere örän baýdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişdesi bolup hyzmat eden ösümlikleriň biri-de eýran meliýasydyr.
Eýran meliýasynyň dünýäniň tropiki we subtropiki welaýatlarynda 25-e çenli görnüşi bolup, Türkmenistanda bolsa bir görnüşi duşýar. Daragt has ýaýraň, giň telpekli ösüp, boýy 12 -18 metre ýetýän agaçdyr. Bu agaç biziň ülkämizde deňiz derejesinden 150 — 250 metr belentliklerde bitýär we ol seýilgäh zolaklarynda, şäher köçeleriniň gyralarynda hem bezeg hökmünde ekilýär. Ösümlik maý — iýun aýlarynda gülleýär, sentýabr — oktýabr aýlarynda miweleýär. Ol tohumy arkaly köpelýär. Oňa mör-möjekler hiç hili zyýan ýetirmeýär. Eýran meliýasy o diýen ýokary bolmadyk, sowuga çydamly we ýagtylygy halaýan ösümlikdir. Daragt ýabany görnüşinde Aziýanyň günortasynda we günorta — gündogarynda gabat gelýär. Onuň asyl watany Gimalaýlar we Ýaponiýanyň çäkleri hasaplanylýar.
Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki, gabygy, ýapraklary, gülleri we miweleri çig mal bolup hyzmat edýär. Halk lukmançylygynda bu ösümlik deri kesellerinde (düwürtikli ownuk örgünlerde, süýji başda, gijilewükli demrewde, iteşende), parazit ýokanjynda, ysytmada, gyzzyrmada, üsgülewikde, teşnelikde, ýürek bulanmada, gusmada, süýji keselinde, çişlerde, semizlikde, guragyryda, sarygetirmede peýdalanylýar. Daragtyň gabygy we kökleri gyzgyny peseldiji we soguljany çykaryjy täsire eýe. Daragtyň gabygydyr miweleriniň peti hem-de ýapraklary bilen gülleriniň şiresi gijilewükde we iriňli deri kesellerinde ulanylýar. Onuň ýapraklaryndan taýýarlanylan demlemä saçyňy ýuwsaň, ösdürýär. Ol bu babatda uly meşhurlyga hem eýe bolupdyr.
Madina HALNAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler