Yssa durnukly, jöwza tap getirýän ýandak Garagumuň bezegidir. Gadymy döwürlerden bäri meşhurlyk gazanan ýandak dermanlyk ösümligi halk lukmançylygynda ähmiýetli orun tutýar. Ýandaklaryň ähli görnüşleri ösümlikleriň kösükliler maşgalasyna degişli bolup, köki köpýyllyk, ýerüsti ösüntgisi bir ýyllyk, ýarym gyrymsy otjumak ösümlikdir. Görnüşleri boýunça boýy 30 — 50 santimetrden bir metre çenli ösýärler. Ol kökleriniň gapdal golçurlaryndan hem, tohumyndan hem gögerip köpelýär. Ýandagyň iki köki bolup, biri ony gögerdýär, beýlekisi bolsa iýmitlendirýär. Bu ösümligiň köki 25 — 30 metr çuňluga uzap gidip, yzgary sorup alýar we şonuň netijesinde howanyň çyglylygyny artdyrýar.
Halk lukmançylygynda ýandak bilen kesel bejerilende, köplenç onuň gaýnadylan ergininden peýdalanylýar. Bu ergin ýiti agyryly içgeçmede, enterokolitlerde, sanjylarda, gastritlerde, aşgazan we on iki barmak içegäniň baş ýara keselinde, babasylda bejeriş serişdesi hökmünde ulanylýar.
Ýandagyň otundan demlenip ýa-da gaýnadylyp taýýarlanylan ergini lukmançylykda buşukdyryjy we derlediji serişde hökmünde peýdalanylýar. Halk lukmançylygynda bolsa ýandagyň otundan taýýarlanylan ergini sowuklama kesellerinde hem ulanylýar. Ýandagyň bu ergini we täze taýýarlanylan şiresi halk lukmançylygynda aşgazan-içege kesellerinde, esasan-da, içgeçmede ulanylyp gelinýär.
Ýandagyň ýerden ýokarky böleginden sykylyp alnan ergini bolsa mikroblara garşy göreşmekde ähmiýetli. Olaryň bakteriýalara garşy täsiri, esasan-da streptokokklara, stafilokokklara has täsirli ähmiýete eýedigi sebäpli, gaýnadylyp taýýarlanylan ergini basyk keselinde bokurdagy çaýkamak üçin peýdalanylýar.
Biziň howa şertlerimiz juda yssy bolansoň, adamlar suwsagyç bolýar. Suwdur çaly, şireli içgileri näçe içseňem, aňsat-aňsat ganyp bolanok. Ine, şeýle ýagdaýlarda ýandak çaýy içilse, teşnelige peýdasy uludyr. Bu hakda türkmen halk döredijiliginde: «Ýandagyň — çaýy, şypanyň jaýy» diýen aýtgy bar. Şeýle hem «Ýadasaň, ýandak or!», «Ýandak — sere, tohumy ýere», «Gülüni söýen tikeninem söýer», «Ýadyň ýanyna barandan, ýandagyň düýbüne bar!» diýen ýaly dürdäne setirler bar.
Şeker BAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler