Alternatiw energetika — derwaýys ugur

Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň tejribesinde «ýaşyl» ösüş bilen baglanyşykly kän-kän täze düşünjelerdir adalgalar peýda bolýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» geljek, energiýanyň alternatiw görnüşleri, howanyň ählumumy maýlamagy we onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ösüşi maliýeleşdirmek, pes uglerodly energetika, parnik gazlary, ozon gatlagynyň ýukalmagy, Pariž ylalaşygy, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5ºC derejede saklamak, howa sammitleri, ekoişjeňlik… ýaly düşünjeler bu gün hemmeleri adamzadyň umumy öýünde howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan çökgünlige garşy bilelikde göreşmäge çagyryş bolup ýaňlanýar.

«Ýaşyl» ýa-da alternatiw energetika energiýany almagyň, geçirmegiň hem-de ulanmagyň edil adaty energetika ýaly giňden ýaýramadyk, emma geljegi uly hasaplanýan usullarynyň umumylygydyr. Adaty energetika kömür, nebit we tebigy gaz ýaly ýangyçlary ýakmak arkaly alynýan energiýanyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Şonda bölünip çykýan kömürturşy gazy tebigata belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirýär. Alternatiw energetikada bolsa Gün, ýel, suw tolkunlary, bioýangyç we tebigy galyndylar ýaly daşky gurşaw üçin howpsuz çeşmelerden energiýa öndürilýär.

Soňky onýyllyklarda bütin dünýäde klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýlar zerarly alternatiw energetika bolan gyzyklanma barha artýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasy has arzan we elýeterli bolup, dürli ýurtlarda onuň täze kuwwatlyklary ornaşdyrylýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatlyklarynyň ösüş depgini barha ýokarlanyp, şol ösüşiň ýarysyna golaýy Gün energetikasynyň paýyna düşýär. Şeýle hem soňky ýyllarda dünýäniň «ýaşyl» energetika bazarynda birnäçe oňyn ösüş ugurlaryny görmek bolýar.

Aýlar ANNABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok