Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryha baý paýtagtynyň her künjegine degişli maglumatlar, onuň özboluşly binagärligine buýsanmagymyza esas döredýär.
Saklanyp galan maglumatlara görä, şäher esaslandyrylandan soňra, şähergurluşyk meýilnamasy boýunça şäheriň ilkinji iri köçeleriniň biri, «Merw» prospekti bolupdyr. ilki «Merw» diýip atlandyrylan bu uzyn köçe soňra 1897-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general Kuropatkiniň ady dakylýar. Ýyllar soňra sowet häkimiýeti döwründe bolsa «Swoboda» prospekti diýlip üýtgedilýär. Häzirki wagtda bolsa bu gözel köçe türkmen halkynyň akyldarynyň adyny göterýän «Magtymguly» şaýoludyr. Magtymguly şaýoly şäheriň demirgazyk-günbataryndan, günorta-gündogara tarap uzaýan Aşgabatdaky iň irki we esasy şaýoludyr.
Aşgabadyň ilkinji köçeleri eýýäm, 1887-nji ýyldan başlap abadanlaşdyrylyp başlanýar. Esasan hem, Merw prospekti we Annenkow köçesi şossä (ulag gatnawy üçin berk emeli gatlakly we gapdallarynda suw akdyrmak üçin ýapjagazlar bolan ýol) öwrülipdir. Oňa ýanaşyk köçelere daş düşelip, käbir köçelere çagyl dökülip, ýan ýodalara bişen kerpiç düşelipdir. Bu hem şäher merkeziniň abadanlaşmagyna, gatnaw ýollarynyň aňsatlaşmagyna getiripdir. Ýollaryň saýaly bolmagy üçin ýaplaryň boýunda agaçlar ekilipdir. Häzirki «Aşgabat» seýilgähi öňki ady bilen «Jemgyýetçilik bagynyň» düýbi hem şol ýyllarda tutulypdyr.
Aşgabadyň taryhy bilen baglanyşykly alym Ö.Gündogdyýewiň bellemegine görä, 1901-1904-nji ýyllar aralygynda Aşgabatda gulluk eden belli rus ýazyjysy W.Ýançeweskiý bu şäher barada: «Bu miweli baglar bilen gurşalyp, çig kerpiçden salnan köp sanly öýjagazlardan ybarat şäheriň ýan köçe ýaplaryndan akýan suw hem dag çeşmesinden gaýdýar» – diýip aýdýar.
Ýuwaş-ýuwaş Zakaspiý oblastynyň merkezi bolan bu şäher ösmegini dowam edýär. Aşgabadyň taryhy boýunça ýyl ýazgylarynda 1925-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, şeýle köçelerde awtobus gatnawy ýola goýulýar. 1928-nji ýylda ilkinji elektrik energiýasy bilen üpjün edilýär.
Gurluşyk babatynda, kämilleşýän şäherde 1954-nji ýylda şähergurluşyk maksatnamasy işlenip düzülýär. Baş maksatnama laýyklykda, şäheriň iri köçesi bolan şol wagtky Swoboda (häzirki Magtymguly şaýoly) prospektiniň gapdalynda özi bilen ugurdaş gidýän ençeme magistral we ony kesip geçýän birentek köçeleri bilen birlikde ozalky meýilleşdirmeleriň süňňüni saklamak we binagärlikde milli çeperçilik düşünjesi girizilýär. Netijede, Aşgabat binagärliginde nagyşlar we heýkel bezegleri göze ilip başlaýar. Şäherdäki ilkinji çüwdürimler hem bu şaýolda peýda bolýar. Şaýoluň ugrunda saýa berýän tut, arça we çynar agaçlary oturdylýar.
Gurluşykda Orta Aziýa halklarynyň milli binagärlik äheňlerini ulanmak babatynda, 1951-1958-nji ýyllarda gurlan Mollanepes adyndaky drama teatrynyň jaýyny (binagär A.Tarasenko) mysal almak bolar. Bu desganyň girelgesi we gapdal taraplary beýik sütünli, çowly arkalardan (germew) düzülip, tutuş daş-töweregi bolsa nagyşlar, tärim gözenek şekilli binagärlik alamatlary bilen baýlaşdyrylýar. Şeýle binagärlik nusgasy häzirki wagtda hem Aşgabadyň taryhyndan söz açyp, Magtymguly şaýolyny bezäp duran gözellikleriň biridir.
1970-nji ýylda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ilkinji ýadygärligi häzirki Magtymguly şaýolunyň ugrunda seýilgähde ýerleşdirilýär (heýkeltaraş W.Popow, binagärler W.Wysotin we W.Kutumow). Daş-töweregi howuz we baglyk bilen gurşalan ýadygärlikde dag daşlarynyň üstünde Pyragynyň agrasdan salyhatly şekli, paýhasyny, pikirini bir ýere jemläp oturşy, onuň öz döwründe türkmeniň geljegi barada oýlanan pursadyny janly ýaly beýan edýär.
Häzire çenli durkuny saklap galan bu şaýoluň ugrundaky we şol wagtky Ostrowskiý (häzirki A.Annaýew) köçesiniň kesişýän ýerinde, aýlaw çatrygynyň burçlarynda gurlan ýaşaýyş jaýlary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. XX asyryň 50-60-njy ýyllaryna degişli bolan jaýlaryň taslamasy iki-üç otagdan ybarat bolup, yssy günler üçin niýetlenen eýwany, haşamlanan agaçdan gözenekler bilen bezelen. Bu binalar häzir hem durkuny üýtgetmän biziň günlerimize çenli gelip ýetýär.
XX asyryň 70-nji ýyllarynyň başynda türkmen binagärliginde döredijilikli gurluşyk başlanýar. Täze bezeg usullarynyň gözlegleri alnyp barlyp, binalaryň ýüzüniň gatlagyny bezemekde, beton plitalar, Köpetdagdan ýörite çapylyp alnan tebigy daşlar, açyk reňk beton, has soňra bolsa gülgüne we mele reňkde hek daşyndan edilen gatlaklar ulanylýar. Metal witražlar hem giňden ýaýrap başlaýar. Täze tehnologiýalary gurluşykda ulanmak bilen plastiki alamatlar we tebigy reňkli monolit beton sazlaşykda gurlan bina hökmünde şol şaýoluň ugrunda, Mollanepes adyndaky türkmen drama teatrynyň ýanynda ýerleşýän «Aşgabat» myhmanhanasy (häzirki «Paýtagt» myhmanhanasy) (arhitektorlar A.Ahmedow, F.Aliýew, suratkeşler G.Okaýew, A.Şetinin) öz döwrüniň naýbaşy binalaryndan hasaplanýar. Binanyň öň tarapynda agaç, beton, ýagty-kölegäniň ýiti gapma-garşylygy, haşam bezelen relýefi we ýylmanak tekizligi, içki bezeg şekiller güýçli we ýatda galyjy çeperçilik keşbi döredýär. Bina häzirki wagtda hem durkuny üýtgetmän öz işini dowam etdirip gelýär.
Taryhy ýadygärliklerine hormat goýýan türkmen halky häzirki wagtda şeýle gözel binagärlik alamatlary aýap saklamak bilen paýtagtymyzyň gözelligini has-da baýlaşdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu şaýoluň gözelligi, binagärlik aýratynlygy has-da baýlaşyp Aşgabadyň binagärlik taryhynda gaýtalanmajak esere öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, şeýlede, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň binagärligini ösdürmekdäki alyp barýan asylly işleri häzirki wagtda öz miwesini berýär.
Bagtygül HOJAGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.
Teswirler