Köňüllerde dessanym, nurly mekan Aşgabat!

Bu günki gün ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat dünýäde ýokary tizlik bilen ösýän şäherleriň hatarynda giňden tanalýar. Muňa merjen şäherimiziň soňky ýyllarda özgerip, düýpgöter täzeçe görnüşe eýe bolan keşbi hem aýdyň mysaldyr. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, häzirki wagtda eziz paýtagtymyzyň islendik künjegine ser salanyňda ak mermerli binalaryň we al-ýaşyl baglara bürenip oturan seýilgähleriň, şirin mukamly suw çüwdürimleriniň, döwrebap gurlan şaýollardyr köçeleriň kämil derejede sazlaşandygyny görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz merjen şäherimizi mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda durmuşa ornaşdyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklaýar. «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyzlyk», «Arçabil», «10 ýyl Abadançylyk», «Çandybil», Atamyrat Nyýazow, Türkmenbaşy şaýollary, «Galkynyş», Görogly, N.Andalyp, Magtymguly, Taslama köçeleri, olaryň ugurlaryna bezeg berip oturan ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň täsin binalary, seýilgählerdir dynç alyş we sport meýdançalary, medeni, söwda merkezleri özboluşlylygy, köpugurly şertleri bilen görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işler berkarar Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Şunda paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy hem olaryň özboluşly, täsin binagärliginden habar berýär.

Goý, merjen paýtagtymyz Aşgabady ösüşiň täze belentliklerine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun!

Jennet ORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok