Halkara sergi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Köpugurly halkara serginiň açylyşyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Nobatdaky köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň 140-sy gatnaşýar. Degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hususy düzümleriň sergi diwarlyklarynda gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän, senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlar şöhlelenýär.

Kerim ORAZMYRADOW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok