Ak şäherimizde döredilýän binagärlik dürdäneleri merjen paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ol binalarda ata Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Şanly baýramlara barýan günlerimizde hem şeýle binalardyr desgalaryň onlarçasyny açyp, halkyň hyzmatyna bermek meýilleşdirilýär.
Dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülýän, ak mermere bürenýän Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy onuň milli aýratynlygynda, sungat derejesine ýetirilen ajaýyp gözelliginde has-da aýdyň duýulýar. Halkymyzyň binagärlik medeniýeti özüniň gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat iri jemgyýetçilik-syýasy, medeni we syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk binalardyr ymaratlaryň, ençeme muzeýleriň, täsin köşkleriň we teatrlaryň binagärlik sazlaşygy köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Aşgabat şäheri häzirki wagtda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, ynsanperwerligiň mekany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler gözel paýtagtymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar.
Goý, gözel paýtagtymyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Kümüş BAÝNEPESOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler