Eziz Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabat günsaýyn tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan desgadyr binalaryň her biri onuň sungat derejesindäki gurluşyk-binagärlik görküne özboluşly sazlaşyk goşýar.
Soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda üstünlikli amala aşyrylan gurluşyk taslamalary — gurlan medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport desgalary, kaşaň ymaratlar, köşkler, belent ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de suw çüwdürimleri, şaýollar, köpugurly köprüler, seýilgähler we beýlekiler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miweleridir.
Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemlemek, kämil binagärligiň ajaýyp nusgasyny äşgär etmek bilen häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar. Berkarar Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, tutuş paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Şunda paýtagtymyzda milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän binagärlik çözgütleri, täsin monumentler, özboluşly heýkeller köpleriň ünsüni çekýär, ýaş nesillerde bolsa halkymyzyň bu ugurdaky gazananlaryna bolan buýsanç duýgulary döreýär.
Paýtagtymyzyň gür baglyga, al-elwan güllere beslenmegi, ajaýyp tebigatymyzyň baýlaşdyrylmagy, arassaçylygyň üpjün edilmegi babatda bitirýän beýik işleri diňe bir paýtagtlylarda däl, eýsem, ähli türkmenistanlylarda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Çünki ak şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp binagärligi, gözel tebigaty bilen häzirki wagtda köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Serdar ARÇAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler