Merjen paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gün-günden gözelleşýär. Bagy-bossanlyga bürenen gözel paýtagtymyz binagärlik sungatyna eýe bolýar. Ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabadyň görki günsaýyn owadanlaşýar. Ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik gurluşygynyň uly gerimi, ilatyň medeni derejesiniň ýokarlanmagy halkyň çeperçilik däpleriniň ornunyň artmagyna ýardam edýär. Gün-günden rowaçlanýan, täze sepgitleriň eýelenýän döwründe gazanylýan netijeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik ulgamynyň milli ýörelgeler bilen döwrüň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda sazlaşykly ösdürilýändiginden hem-de bu ösüşleriň bolsa ýurdumyzyň halkynyň ertiriniň eşretli boljakdygyndan habar berýär.
Gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalary az däl. Bu bolsa ak mermerli şäherimizi ösdürmekde gazanan ägirt uly üstünliklerimiziň dünýä derejesinde ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi ýöne ýere däldir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, iň owadan şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň kanunçylyk hukuk gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi hem-de binalar, desgalar gurlanda, öňdebaryjy halkara tejribesiniň gazananlarynyň ulanylmagy pudagyň ösmegine oňaýly täsirini ýetirýär.
Goý, biziň ata Watanymyzda mundan beýläk-de hemişe toýlar toýa ulaşsyn!
Jennet GULLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler