Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym-bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys» diýip belleýär.
Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Bilim merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden hem-de nesilden-nesle geçirip gelen iň gymmatly baýlygydyr, durmuş ýörelgesiniň, medeniýetiniň hem-de tejribesiniň gözbaşydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin bilimli-ylymly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan hemişe alada edilýär.
Ýaş nesilleriň çuňňur bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda maksatnamada bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýän, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri rowaç bolsun.
Aýsenem SAPAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler