Baky berkararlygyň bady bilen rowaçlanýan ýurdumyzda hil taýdan ösen, bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine döwrümiz şaýat. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly, ösen, esasy ulgamlarynyň biridir. Oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen, çuňňur oýlanyşykly döwlet strategiýasy bu pudagyň okgunly ösdürilmegine itergi berýär. Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň esasy wezipeleriniň hatarynda toplumy düzümleýin esasda kämilleşdirmek, onuň pudaklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, bäsdeşlige ukyplylygy döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ylmy barlaglary ösdürmek, innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrmaklyk durýar. Obasenagat toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamyny döretmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir. Tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň barşynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreleriň, öňdebaryjy usullaryň netijeli ulanylmagy diňe bir hil taýdan däl, eýsem, mukdar babatda hem uly netijeleri gazanmaga şert döredýär. Tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň artyş depgini, ýylsaýyn ýokarlanýar. Oňat hilli we ýokary hasyl oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, gowaçanyň we däne, gök-bakja ekinleriniň netijeli sortlaryny ulanmagyň, döwrebap agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, tarp ýerler işjeň özleşdirilýär, oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesi hem ýokarlandyrylyp, ýeterlik derejede oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň – «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň we beýlekileriň galla we pagta ýygýan kombaýnlary, traktorlaryň dürli görnüşleri we beýleki tehnikalar we enjamlar mehanizatorlaryň hemişe hyzmatyndadyr. Bu babatda döwletimiziň maliýe tarapdan goldaw bermegi, şol sanda ýer üçin ujypsyzja tölegleriň göz öňünde tutulmagy oba zähmetkeşleri, edermen daýhanlar üçin uly kömek bolup çykyş edýär. Tehnikalara hyzmat etmek, tohumlar, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek işleri we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk taslamalaryny ýeňillikli karzlaşdyrmak ulgamy hem giňden ulanylýar. Oba hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen ýola goýulýan şeýle netijeli çäreler milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginini üpjün edýär.
Aýgül OGMADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler