Doganlaşan şäherleriň ulgamynda Aşgabat-Daşkent gatnaşyklarynda täze sepgit

Häzirki wagtda baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, hususan-da goňşy halklar özara gatnaşyklary has-da giňeýär. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagty–Aşgabat şäheri hem halkara gatnaşyklarynda Doganlaşan şäherleriň ulgamynda dünýäniň birnäçe şäherleri bilen özara gatnaşyklary alyp barýar. Ine, şeýle şäherleriň bir hem Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäheridir.

2017-nji ýylda paýtagtygymyz Aşgabat şäheri Özbegistanyň Daşkent şäheri bilen doganlaşan şäherler hökmünde dost-doganlykly gatnaşyklary ýola goýdy.  Iki şäheriň arasynda ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklar gün günden has-da giňeýär.

2018-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Aşgabat seýilgähi açylypdy. 2022-nji ýylda bolsa gözel paýtagtymyzda Daşkent seýilgähiniň açylmagy bilen iki doganlaşan şäheriň gatnaşyklarynda täze sahypa açyldy. Daşkent seýilgähi diňe bir iki doganlyk şäheriň däl, eýsem türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlykly we özara bähbitlilik ýaly gymmatlyklara ýugrulan gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna ýardam eder.

Atajan HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary instituty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok