Türkmenistan Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Çünki ylym we bilim merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplap, nesilden-nesle geçirip gelen gymmatlygydyr. Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berlişiniň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bu ulgama döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar, kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Täze tehnologiýalary ulanmaga hem-de bilim babatda sanly ulgama geçmek ýörelgesini amala aşyrmaga bolan üns barha artýar. Ylym-bilim ulgamy Türkmenistan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň hem möhüm ugrudyr. Ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky öňde goýulan wezipeleri nazara alnyp, dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýlary, guramalary bilen özara pikir alyşmalary geçirilýär, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky döwlet maksatnamalary işjeňleşdirilýär. Bu ugurda bilim bermegiň täze standartlary, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly işler geçirilýär.
Ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumaty bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamagyň ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany barha artýar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi girizilip, ol häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-tehnologiýalar babatda soňky gazanylanlardan baş çykarmaga ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen birnäçe resminamalara gol çekildi. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen degişli çäreler görülýär. Munuň özi, sagdyn pikirli, berk bedenli, bilimli nesliň kemala gelmegine esas döredýär. Türkmenistan diýarymyz ylym-bilimiň kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary hem-de gaznalary bilen hyzmatdaşlyk ep-esli giňeldildi. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşmegine giň ýol açýar.
Daýanç BALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler