Bedew bady bilen özgerýän şäher

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bedew bady bilen özgerýär, ösýär. Gözel paýtagtymyzda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi gün-günden özgerip, dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegine, paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn we toplumlaýyn usullarynda ösdürilmegine uly ýardam etdi. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, döwrümiziň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Goý, gözel paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Öwezmämmet GELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok