Energetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Türkmenistan ýurdumyz üçin parahatçylyk, abadançylyk, döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmäge esas döredýän möhüm ähmiýetli wakalara baýdyr. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň aýdyň netijesi bu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda kemal tapýar. Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, geljegi uly pudaklary, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzyň energetika ulgamynda ýola goýulmaly işleriň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, milli ykdysadyýetimiziň bu kuwwatly pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy çemeleşmeleriň işjeňleşmegini, hünär ulgamynyň kämilleşdirilmegini gazanmak möhüm bolup durýar. Diýarymyzyň degişli sebitlerinde elektrik beketleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, ýyllyk kuwwaty ýokary döwrebap tehnologik desgalaryň uly toplumlarynyň bina edilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Şol elektrik beketleriniň ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmekligi we dolulygyna kompýuterleşdirilmegi bolsa tutuş tehnologik işlere netijeli gözegçiligi üpjün edýär. Ýyly-ýylyna pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy eksporta, ilkinji nobatda bolsa eksport edilýän elektroenergiýanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin zerur mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň açylmagyny, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we durnukly ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirýär. Ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryň ýerine ýetirilmegi elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga şert döredýär. Elektrik geçirijileriň kabel ulgamlarynyň çekilmegi hereket edýän howa elektrik geçirijilerini aýyrmaga we ýurdumyzyň künjekleriniň binagärlik keşbiniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ulanylmagy döwrebap energetika ulgamynyň döredilmeginiň möhüm ugry bolup durýar. Energiýa serişdeleriniň möçberleri boýunça Türkmenistan baý döwletleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, elektroenergiýanyň önümçiligi dünýäde iň girdejili önümçilik hasaplanýar. Şunlukda, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri artdyrylýar. Onuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika senagaty durnukly ýokary ösüş depginlerini gazanýar. Pudaga täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy, häzirki döwürde elektrik beketleri üçin netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biri bolan tebigy gazyň ägirt uly gorlary bu ulgamyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözgüdini üpjün edýär. Bular babatda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Annamyrat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok