«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi geçiriler

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň 142 ýyllygy mynasybetli 22-nji halkara köpugurly sergisi geçiriler.

Adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen her ýylda geçirilýän halkara sergisine ýerli hem daşary ýurt kompaniýalarynyň 140-sy, edara kärhanalar we hususy telekeçiler gatnaşarlar.

Bu sergi esasan gözel paýtagymyz Aşgabatda alnyp barylýan köpugurly gurluşyk işlerine, şäheriň ykdysadyýetinde, ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanýar.

Bu sergi Aşgabat şäheriniň gurluşygyna we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurtlarda maýa goýumlary çekmekde, we ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.

Gurbanmyrat ESENOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok