2023-nji ýylyň 16-njy maýynda 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan etdi.
Bütindünýä Durnukly Ulag Gününiň yglan edilmegi, durnukly transportyň köp sanly görnüşlerini peýdalanmagy maksat edinýär. Mundan başga-da az zyňyndy transport usullarynyň kabul edilmegine, alternatiw ýangyçlaryň we energiýa tygşytlaýan ulaglaryň ulanylmagyna we sebit we dünýä derejesinde aragatnaşygyň ösdürilmegine itergi berýär. Şeýle hem bu gün öňdebaryjy tejribäni we halkara jemgyýetçiliginiň durnukly we ygtybarly global ulag ulgamyna ýetmek üçin ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny yzygiderli gözden geçirmäge kömek eder.
Bägül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Teswirler