2023-nji ýylyň 14-17-nji maý aralygynda «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen halkara sergä gatnaşdy. Bu barada ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) «Instagram» sahypasynda habar berilýär.
Serginiň çäklerinde «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Birleşen Arap Emirlikleri we Türkiýe ýaly birnäçe ýurtlardan gelen ondan gowrak işewürler bilen geljegi uly hyzmatdaşlyklary ýola goýdy.
Mundan başga-da häzirki wagtda «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň bazarlaryna önümleriniň eksportyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Belläp geçsek, «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti aýda takmynan 2 million töweregi topukçaly syýagalamlary öndürmäge ukyplydyr.
Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Yslam MUHAMMETMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Teswirler