Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 31 ýylynda türkmen-päkistan gatnaşyklary

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk we özara bähbitlilik ýaly gymmatlyklara esaslanýan daşary syýasaty halkara gatnaşyklarynda uly abraýa eýe boldy. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri, esasanam goňşy halklar bilen özara gatnaşyklarynyň mundan beýläkde pajarlap ösmegine öz täsirini ýetirýär. Ine, şeýle dostlukly döwletleriniň biri hem Pakistan Yslam Respublikasydyr.

Türkmen-pakistan gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdaýar. Orta asyrlar döwründe türkmenleriň döreden Seljukly, Gaznaly we Köneürgenç döwletleri döwründe iki dostlukly halkyň gatnaşyklary has-da ösýär. Şeýle-de öz gözbaşyny Hytaýdan alyp gaýdýan Beýik Ýüpek ýolynyň pajarlap ösmegi halklaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň has-da pajarlap ösmegine, olaryň medeniýetiniň birek-birege täsiriniň ýetmegine getirýär.

Türkmenistan döwletimiziň garaşsyzlyga eýe bolandan soň, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ösmegine uly mümkinçilikler döredi. Iki döwletiň arasynda 1992-nji ýylyň 9-njy maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýuldy. Baky Bitarap Türkmenistan 1995-nji ýylyň 15-nji martynda özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ilkinji gezek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Pakistanyň paýtagy Yslamabatda geçen maslahatynda öňe sürüpdi. Şol maslahatda Pakistan guramanyň beýleki agzalary bilen bilelikde türkmen halkynyň saýlap alan parahatçylyk ýoluny biragyzdan goldady. Pakistan Yslam Respublikasy şeýle hem, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge ýardam berýän tekliplerini goldap işjeň çykyş edýär.

Iki döwletiň özara gatnaşyklarynda   söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba-hojalyk we ulag-kommunikasiýa pudaklary ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasy bilen  Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirjisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisini gurmakda alnyp barylýan uly taslamalarda hyzmatdaşlyk edýär.

Merjen BAÝJANOWA,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok