2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 312,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, bu görkeziji ýanwar-mart aýlarynda 263,8 million dollara deň bolupdy. Şunlukda aprel aýynda iki ýurduň arasynda 48,8 million dollarlyk söwdanyň amala aşyrylýandygyny görmek bolar. Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistanyň 258,5 million amerikan dollarlyk haryt eksport edildi. Degişli döwürde Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň umumy bahasy bolsa 54,1 million amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende bellesek 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanşygy 2,3 milliard dollarlyk ýa-da 13,4 göterim artyp 19,6 milliarda deň boldy.
Kakajan ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler