Döwrebap ösüşler bilen ýurdumyz özgerýär

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde täzeçe usullary we ýörelgeleri sazlaşykly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda ösen, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin degişli ulgamlaryň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar. Bu bolsa ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler arkaly amal edilýär. Ähli ugurlara sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy netijesinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär, bular hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Şeýle maksatlara gönükdirilen giň gerimli işler yzygiderli alnyp barlyp, ol netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda ulgamyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan täzeçil usullary giňden ýaýbaňlandyrmak bilen gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, şeýle hem diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet tarapyndan giňden goldaw bermäge gönükdirilen möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň alnyp barylmagy, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi täze iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän eziz ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýar, asuda, abadan durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda ýola goýulýan asylly maksatlar, alnyp barylýan özgertmeler döwrümiziň ösüşlerine ösüş goşýar.

Begmyrat SARYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok