AŞTU telekeçilere Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär!

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti telekeçilere Aşgabatdaky öz ofisleriniň we bölümçeleriniň arasynda maglumatlary alyşmak üçin ýerli torlary döretmek hyzmaty bolan Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär.

Ýerli tor Ethernetde kärhananyň ähli işçi beketleri (kompýuterler, kassa enjamlary we ş.m.) bir sany bilelikde ulanylýan aragatnaşyk kanalyna birikdirilýär. Şeýlelik bilen, internete birikmezden uzakdan elýeterliligi bolan hususy ýokary tizlikli maglumatlar tory döredilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ethernet tory hakyky wagtda satuwlara gözegçilik etmäge, dogry dolandyryş kararlaryny almak üçin müşderileriň ileri tutmalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ethernet enjamy elýeterli bolup, diňe bir iri däl, eýsem kiçi we orta telekeçilik üçin hem bu özüne çekiji çözgütdir.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok