Şu gün, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurlan 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de täze jaýyň toý bagyny kesip, ony dabaraly ýagdaýda açyp berdi.
Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Teswirler