Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül desseleri goýuldy

Şu gün, 18-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralar boldy. Bu dabaralara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabarada Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül desseleri goýuldy. Bu ýere ýygnanan ähli watandaşlarymyz Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular. Bu jebisligiň, agzybirligiň, bitewüligiň nyşanydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok