Konstitusiýa – bagtyýar durmuşymyzyň kepili

Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde Türkmenistanda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Ilkinji gezek konstitusion özgertmeler 1995-nji, soňra 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy, 2008-nji, 2016-njy, 2017-nji we 2020-nji ýyllarda girizildi. Geçen ýyllaryň dowamynda döwlet-hukuk gurluşyna degişli bolan birnäçe kanunlar kabul edildi we ençeme çäreler geçirildi.

Türkmen jemgyýeti özüniň ösüşiniň täze eýýamyna: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Jemgyýet gatnaşyklarynyň ösmegi bilen, milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynda, ykdysadyýetde we beýleki pudaklarda, şeýle hem halkyň durmuş üpjünçiligi bilen bagly başlangyçlarynyň we özgertmeleriniň doly möçberde goldanylmagy Konstitusiýamyzyň käbir düzgünlerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi.

Konstitusiýanyň täze «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly girizilen VII bölüminde Türkmenistanyň milli walýutasy manat barada ýokary Konstitusiýa derejesinde Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň esasy maksatlary, telekeçiligi höweslendirmek we goldamak göz öňünde tutulýar. Bu konstitusion düzgünde geljekde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, şeýle hem kiçi we orta işewürligiň ýörelgeleri ykrar edilýär, milli manadymyzyň at-abraýy, onuň ýeke-täk töleg-hasaplaşyk serişdesi hökmünde ulanylyşy öz beýanyny tapýar. Döwrüň talabyna laýyklykda konstitusion özgertmeleriň wajyp wezipeleriniň biri-de milli döwlet gurluşynyň mazmunyna täze äheň bermekden, ony kämilleşdirmekden we geljekde döwletimizi halkara bileleşigine girýän ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Bu şertler halkara bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen ýörelgeleri, daşary ýurtlaryň döwlet gurluşynyň aýratynlyklaryny we tejribelerini öz içine alýar.

Bahargül HUDAÝBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok