Goşa mukaddesligiň toýy joşguna beslenýär!

Her ýylyň maý aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni aýratyn dabara, ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyjy bilen rejelenen görnüşde kabul edilen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň talaplaryna laýyk getirilen Esasy Kanunymyz demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň mizemezligini, kanunylygyny, hukuk tertibini şöhlelendirýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji döwürlerinde, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hukuk we halkara gatnaşyklarynyň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandygy sebäpli, döwletiň Esasy Kanunyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler, goşmaçalar girizildi. Ýurduň täze taryhy eýýamynda ösüşleriň berk hukuk binýady döredildi. Milli kanunçylyk ulgamynyň berkidilmeginde Esasy Kanun aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler arkaly ösüşleriň täze tapgyrlarynyň hukuk binýady kämil derejede berkidildi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iki gezek ykrar edilen bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Esasy Kanunymyzda beýan edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmeginde uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, kanunlarymyzda, ähli hukuk namalarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Goý, Arkadagly döwrümizde barha ösüp, gül açýan eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýa ulaşsyn, asmanymyz hemişe asuda bolsun, halkymyz baky bagtyýarlykda ýaşasyn!

Sähragül BAÝRAMOWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok