Berkararlyk nurundan, täze Galkynyşyň badyndan rowaçlanýan eziz Türkmenistan diýarymyzda ösen bazar gatnaşyklaryny amal edýän ylmy tehniki ilerlemäni döwrebaplaşmak, ylym-bilimi ösdürmek arkaly ähli ulgamlara kämil innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar, toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär we döwrüň talaby bolan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy işjeň ýagdaýda ýola goýulýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi döwrebap usullary ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle asylly maksatlara ýetmekde bolsa ylym-bilim ak ýolumyza şamçyragdyr. Ol ösüşlere sary barýan ýolumyza şugla saçýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň hem bilimiň ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda dürli ugurda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy-döredijilik gözlegleriniň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň netijesinde ýurdumyzda hereket edýän ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň, bilim we tehnologiýa merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli pugtalandyrylyp, iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Çünki durnukly ösüşi üpjün etmekligiň we onuň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyz halkara jemgyýetçiligine işjeň goşulýar, milli ykdysadyýeti has-da pugtalanýar. Hususy pudagy, telekeçilik işlerini, ýaşlaryň täzeçil başlangyçlary, ylym gözleglerini höweslendirmek Hormatly Prezidentimiziň ýola goýýan ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Häzirki wagtda ösen kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy durmuşymyza işjeň ornaşýar. Döredilýän amatly şertler täze-täze üstünliklere atarýar. Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap kitaphanalary gurmak arkaly ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak boýunça çäreler giň gerime eýe bolýar. Öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky işler bu ugurda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu asylly işler halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we ýaş nesillere dünýä dillerini has hem çuňlaşdyryp öwretmäge ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda eziz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere, belent sepgitlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Güljan MIRIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler