ÜNS BERIŇ!: Germaniýada 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligiň yglan edilýändigini habar berýär.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere 2023-nji ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

1.Ýokary bilimli bolmaly.

2.Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat şäheri we welaýatlar).

3.Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz:

(99312) 39-43-55; (99312) 39-45-72.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok