Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüşiň möhüm ugry

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda umumadamzat bähbitli beýik ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýän Türkmenistan ýurdumyzda durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmekde oňyn özgertmelere badalga berilýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn, döwrebap derejede gülledip ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda belent sepgitlere ak ýol açylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm ugrudyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» eziz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ylmy-tehniki açyşlary goldamak, innowasion işleri has netijeli guramaklyk öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, girdejileriň täze çeşmelerini gözlemek, giňeltmek şeýle hem hyzmatlaryň amatlylygyny, köpdürlüligini döretmek sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlygydyr. Sanlylaşdyrylan täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öndürilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär. Innowasion tehnologiýalara daýanýan döwrebap tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribeleriň giňden peýdalanylmagy täzeçil durmuş-ykdysady ulgamyny emele getirýär. Bu ugurda toplumlaýyn alnyp barylýan işler ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga şert döredýär. Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly bolan ugurlaryň hatarynda durýar, şeýle hem elektron resminama ulgamyna geçmegi işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýörite programma üpjünçiligini taýýarlamak boýunça möhüm işleriň giň toplumy ýerine ýetirilýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine şert döredilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşini hem-de bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şerti hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ukyply, ussat hünärmenleri kemala getirmek, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak babatdaky amala aşyrylýan ýeňişli menziller, durmuşa geçirilýän netijeli işler ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşleriniň barha ilerlemegine mümkinçilik berýär. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygider ösdürmekde, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde netijeli işleri, döwletli başlangyçlary alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Magtymguly BEGMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok