Lebap welaýatynda ÝUNESKO-nyň dünýäde ikinji ýörite burçy açyldy

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynda ÝUNESKO-nyň dünýäde ikinji ýörite burçunyň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýle burçuň ilkinjisi Ermenistanda bar.

ÝUNESKO-nyň dünýäde ikinji ýörite burçy «Türkmenistan ― ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýlip atlandyryldy. Onda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýa-da awtordaş bolmagynda girizilen gymmatlyklar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.

Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bu burçuň Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň maglumat merkezine öwrüljekdigini aýtdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok