Konstitusiýa jemgyýetiň syýasy-hukuk ulgamynyň düzgünleşdirilişiniň wajyp elementidir. Onda jemgyýetiň syýasy, ykdysady, durmuş gurluşynyň we beýleki ugurlarynyň hukuk esasy berkidilýär.
«Constitution» sözi latyn sözi bolup, gurmak, dikeltmek, döretmek manysyny aňladýar. Konstitusiýanyň ilkinji alamatlary gadymy Gresiýada we Rimde döräp başlady. Konstitusiýalary toparlara bölmek — olaryň köp görnüşliligini, mazmunyny we gurluşyny düýpli öwrenmekde, dünýä döwletleriniň Konstitusiýalary bilen deňeşdirmekde we netijede konstitusion kanunçylygyny kämilleşdirmekde ähmiýetlidir. Konstitusiýalar gelip çykyşy boýunça — sowgat edilen ýa-da kabul edilen; üýtgetme we goşmaça girizmek boýunça — gaty, çeýe we gatyşyk; syýasy düzgün boýunça — demokratik, respublika we monarhiýa; döwletiň çäk gurluşy boýunça — federatiw we unitar; formasy boýunça — ýazylan we ýazylmadyk (bölekleýin ýazylan) hereket ediş möhleti boýunça — hemişelik we wagtlaýyn ýaly görnüşlere hem-de toparlara bölünýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär hem-de döwletimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna ýokary baha berýändigini beýan edýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy, agzybirligi üpjün etmek bilen bir hatarda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.
Aýbölek RUSTAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler