Goşa gymmatlygymyzyň baýramy gutly bolsun!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan eziz Türkmenistan döwletimiz ösüşiň nurana ýollarynda bedew bady bilen barha öňe barýar. Ata Watanymyzda goşa-goşadan gelýän toý-baýramlarymyzyň döwlet derejesinde uludan toýlanmagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň şatlyk-şowhuny has-da dabaralandyrýar. Häzirki wagtda bagtyýarlygyň, abadançylygyň hem parahatçylygyň mekany bolan, şan-şöhraty äleme dolan türkmen döwletimizde Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ösüşler, belent maksatly özgertmeler bagtdan paýly watandaşlarymyzyň kalbynyň buýsanjy we guwanjydyr. Baky berkararlygyň aýdyň ýolunda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet Baýdagynyň güni uly ruhubelentlik bilen, döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Ebedi mukaddesligi, jebisligi özünde jemleýän bu möhüm senäniň ýurdumyzda giňden baýram edilmegi asudalygyň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, agzybirligiň we parahatçylygyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar hem täze Galkynyşly döwrümizde asuda asmanymyzda belentde pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna, halkymyzyň ynsanperwer, milli ýörelgelerine ýugrulan mukaddes nyşanydyr. Ýaşyl baýdagymyz Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy   döwründe  al-asmanda belentde pasyrdap, älem-jahana buýsançly şuglasyny saçýar. Ýaşyl Tugumyz halkymyzyň mertebesi hem-de egsilmez buýsanjydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, rowaçly üstünliklerimiziň sarsmaz sütüni bolan  Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy parahatçylygy, agzybirligi, ynsanperwer gatnaşyklarymyza ygrarlylygymyzy, döwletimiziň alyp barýan parahatsöýüjilik ýörelgelerini alamatlandyrýan gymmatly şamçyragdyr. Täze taryhy eýýamda batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň günsaýyn uly ösüşlere beslenmegi, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda günlerimiziň bagtyýarlyga beslenmegi döwletlilikden nyşandyr. Goý, bedew bady bilen belent ösüşlere eýe bolýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni mähriban halkymyza bagtyýarlyk, asudalyk, bolelinlik getirsin! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet Baýdagynyň güni gutly bolsun, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýy has-da belende galsyn! Türkmenistan döwletimiziň okgunly ösüşleri,  türkmen  halkynyň  ak  bagty  üçin uly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň  janlary  sag,  ömürleri  uzak bolsun!

Maksat ATAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok