Eýranyň abraýly we gadymy uniwersitetleriniň biri bolan Tähran uniwersitetinde Medeniýet we yslam gollanmasy ministrliginiň ýardam bermeginde, Medeniýet we poeziýa birleşmesiniň hem-de EYR-yň Prezidentiniň parlament meseleleri boýunça diwanynyň hyzmatdaşlygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çärä EYR-yň Prezidentiniň Parlament meseleleri boýunça orunbasary Mohammad Hoseýni, ozalky daşary işler ministri Manuçehr Mottaki, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň ozalky häkimi Mahmud Ahmadi Bigaş, musulman jemgyýetiniň wekilleri-ymamlar, şeýle hem hormatly il ýaşulylary, türkmen diasporasynyň XIX asyryň beýik şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmek bilen meşgullanýan wekilleridir alymlar gatnaşdy.
Çäräniň ahyrynda, türkmen diasporasy tarapyndan konsert çäreleri geçirildi. Ýeri gelende belläp geçsek, şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin wajypdyr.
Bägül MUSAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler
Gaty gyzykly eken