Dana bilim merkezi ýakynda welaýatlardaky we paýtagtymyz Aşgabatdaky şahamçalarynyň arasynda sportuň “Stol tennisi” görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi.
Sport bäsleşigi Ahal welaýatynyň Änew şäherinde geçirildi. Oňa welaýatlardaky we paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki şahamçalar gatnaşdy.
Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçirildi, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçanyň türgenleri 1-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolan türgenler:
Salyh Gylyçjanow, Arslan Döwranow, Jemaleddin Halmanow, Emin Baýramdurdyýew, Begnazar Şanazarow dagylar tapawutlandylar. Olara ýörite sylaglar gowşuryldy.
“Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýilşi ýaly ýaş türgenleri ýaryşa taýýarlamakda uly zähmet çeken tälimçiler:
Baýram Aliýew, Ataberdi Hallyýew we şahamçanyň müdiri Nury Halmanow dagylar öz goşantlaryny goşup ýaş nesilleriň sporta bolan söýgülerini artdyrdylar.
“Ýaryş bar ýerde ösüş bar” diýipdirler bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, hem-de berk bedenli sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekdir.
Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti
Teswirler