Dana atam Magtymguly – arzuwlaryň hasyl boldy!

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň şamçyragydyr, halkyna, Watanyna bolan egsilmez söýgini eçilýän, many taýdan hiç haçan wajyplygyny ýitirmeýän, çeperçilik taýdan kämil, sazlaşykly setirli goşgularyň ussadydyr. Onuň ýaş nesli terbiýelemäge, dünýä akyl ýetirmäge ýardam edýän, altyna barabar döredijilik mirasy şu günlerimize gelip ýetdi. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ýaşlary terbiýelemekde özboluşly terbiýe mekdebi hökmünde halk pedagogikasynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.

Häzirki zaman dünýäsinde özüňe bolan ynamy oýarýan, ruhubelentligi ündeýän, dostlary gazanmagyň ýollaryny ündeýän, irginsiz zähmet çekmek arkaly öňde goýlan maksada ýetip bolýandygyny delillendirýän kitaplar dünýä kitap bazarynyň iň ýörgünli harydy. Şol eserleriň many-mazmunyny süzüp alsaň, aýdyljak bolunýan ähli pikiriň Magtymgulynyň goşgularynda mundan üç asyr ozal ýazylandygyny görmek bolýar. Mysal üçin, Deýl Karneginiň «Dosty nähili gazanmaly we adamlara nädip täsir etmeli» atly eseriniň özeninde özgeleri diňläp bilmek, özgeleriň pikirine sarpa goýup bilmek, öz gaharyňy, öýke-kinäňi basyp bilmek, dogrudyr öýtseňem, ýagdaýlaryň soňky netijesiniň gowy jemlenmegi üçin birbada öz garaýşyňy ýaňzytman saklanyp bilmek ýaly pikirler durmuş wakalarynyň, hadysalaryň, zähmet tejribeleriniň mysaly bilen berkidilip beýan edilýär. Dana Magtymguly şunça manynyň ählisini «Öz göwnüň goýmasaň, dost göwni ynjar» diýip, ýekeje setirde beýan edipdir.

Magtymguly Pyragy türkmen halkyna garaşsyz, özbaşdak döwlet gurmaklygyň diýseň zerurdygyny düşündirip, oňa ýetmek üçin amala aşyrylmaly ähli işler dogrusynda gürrüň berip, onuň oňyn çözgüdini-de aýdyp gidipdir. Şeýle içgin we çynlakaý meseläni gozgan şahyryň edebi mekdebinde kemala gelen Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlarymyz hem ondan nusga we görelde alyp, şu mazmundaky şygyrlary bilen halka ýüzlenipdirler.

Magtymguly — türkmeniň ýüzi, onuň pikiri — türkmeniň pikiri. Hawa, häzirki wagtda biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň eşretlerinden peýdalanyp, ruhlanyp ýaşaýarys. Biz hemişe Magtymguly Pyragynyň aýdan her sözüni kalbymyzda besleýäris, her pursatda ondan goldaw alýarys we her bir meselede çözgüt tapýarys.

Mähriban JUMAMURADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok