Elektrotehnika ders bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

Ýaňy ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda <<Elektrotehnika>> okuw dersinden ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşigine ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň 11-si gatnaşyp, şolaryň 4-si Türkmen döwlet Energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Harby deňiz instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty onlaýyn görmüşinde gatnaşdylar.

Netijede talyplar 9 sany I orna, 8 sany II orna, 5 sany III orna mynasyp boldular.

Ders bäsleşiginiň geçirilmeginiň esasy maksady talyplarda özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, çylşyrymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmekden şeýle hem nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmäge, öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmelerine uly mümkinçilik döretýär.
 

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok