Häzirki wagtda ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek, döwrebap bilimlerden habarly hem-de tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmen edip ýetişdirmek ugrunda örän oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün etmekdir, belent maksatlaryň rowaçlygydyr. Çünki milli ruhda terbiýelenen, döwrebap bilimleri ele alan ýaş nesiller ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Bu babatda bilim ulgamynda möhüm özgertmeler amala aşyrylýar, ýaş nesillere aýratyn ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn anyk işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde okatmagyň iň kämil usullary durmuşa ornaşdyrylýar, ýaşlaryň zehinleriniň açylmagyna ýardam edýän täze mümkinçilikler ylmy esasda öwrenilýär.
Bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny işe ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralaryna sanly bilim tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şeýle-de, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimedia programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalara erk etmeklerine ýardam berýär.
Goý, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Altyn SAÝYPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler