Ýaş telekeçiler üçin mahabat festiwaly geçirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda:

Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşyklaryny gazanmak, ýaşlary mahabat işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek hem-de dalaşgärleriň iň gowy başlangyçlaryny saýlap almak maksady bilen ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda “Mahabat üstünligiň açary” atly bäsleşikli festiwaly geçirilýär.

Festiwal 31-nji maý güni 09:00-dan 18:00- çenli Tehnologiýalar merkezinde geçiriler.

Festiwala gatnaşmaga okuwçy ýaşlar, talyp ýaşlar, ýaş hünärmenler, zehinli ýaşlar, telekeçi ýaşlar, alym ýaşlar we döwlete dahylsyz görnüşdäki ýaşlar kärhanalary we olaryň işgärleriniň gatnaşmaga hukuklary bardyr.

Festiwalyň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça bäsleşikler yglan edilýär:

Durmuş mahabaty hem-de haryt we hyzmat mahabaty boýunça bäsleşikler (Nominasiýalar):

  1. Teleýaýlymda mahabat
  2. Radioýaýlymda mahabat
  3. Grafiki (çap) mahabat
  4. Adaty däl mahabat
  5. Internet mahabaty
  6. Mahabat suraty

Geçiriliş tertibi
Festiwala gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärleriň arzasyny, resminamalary we bäsleşik üçin hödürlenilýän işleri kabul etmek 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder.

Mahabat işleri boýunça iň oňat işleriň sergisini görkezmek, festiwalyň ýeňijilerini we dalaşgärleri sylaglamak dabarasy, baýramçylyk şüweleňi 2023-nji ýylyň 31-nji maý güni geçiriler.

Goşmaça maglumat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilendir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok