Ýaş sazşynaslary halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» fakultetniň talyplary sungat we çeperçilik bilim ugry boýunça geçirilen talyplaryň VII Halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Filologiýa we medeni aragatnaşyklar kommuniksiýa Institutynyň «Kazan (Priwolžskiý) uniwersiteti» geçirdi.

«Horeografiýa we teatr sungaty» ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Kadyrowa Gülşat Birinji orna mynasyp boldy. Gülşat Kadyrowa çykyş eden «Türkmen halkynyň etnohoreografiýasynyň taryhyndan» atly temasynda türkmen halkynyň tans sungatynyň žanr baýlygyny we olaryň häzirki zaman sungatynda tutýan orny barada baý maglumatlary berdi.

«Teatr sungatynyň teoriýasy we taryhy» ugry boýunça kirişli saz gurallary hünäriniň 4-nji ýyl talyby Agajanowa Jemal Üçünji orna mynasyp bolup, ol «Türkmen milli baletinde erteki sýužetleriň ähmiýeti» temasynda türkmen sazly teatryň ösüş ýollaryny we türkmen kompozitorlaryň döreden balet eserleriniň esasynda türkmen ertekileriň ähmiýetini açyp görkezdi.

«Saz sungaty» ugry boýunça «Saz sungatynyň taryhy we teoriýasy» bölümçede çykyş eden 4-nji ýyl talyby Durdyýewa Güljemal we Joraýewa Jeýran Ikinji orna mynasyp boldular.

Durdyýewa Güljemal «Jeren Gurbangylyjowanyň döredijiliginde instrumental duet žanry» atly temasynda kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň fortepiano we klarnet üçin döreden «Seýilgähde» we «Iki bolup ýagyşyň aşagynda» atly eserleriniň mysalynda awtoryň stil aýratynlyklaryny we onuň impressionizm akymyna ymtylyşlary barada beýan etdi.

Joraýewa Jeýran «Nury Halmämmedowyň «Pursatlar» fortepiano toplumynyň mysalynda maksatnamalygyň beýan ediş serişdeleri» atly temasynda Nury Halmämmedowyň döredijiliginde çagalar temasynyň we çaga dünýäsiniň çeperçilik aýratynlyklaryny açyp berdi.

«Saz sungaty» ugry boýunça «Saz sungatynyň taryhy we teoriýasy: wokal sazy we halk döredijiligi» bölümçede çykyş eden 5-nji ýyl talyby Döwletowa Gülsoltan Birinji orna mynasyp boldy, 4-nji ýyl talyby Annameredowa Aknur we 3-nji ýyl talyby Ýowbasarow Kuwwat Ikinji orna mynasyp boldular, 4-nji ýyl talyby Ýazhanowa Suraý Üçünji orna mynasyp boldy.

Döwletowa Gülsoltan «Ussat türkmen sazanda Sary bagşynyň nesil daragty» temasynda XIX – XX asyrlarda meşhur sazandanyň döredijiligi we onuň sazanda nesilleriniň türkmen saz sungatynda bitiren işleri barada baý maglumatlary berdi.

Annameredowa Aknur «Rejep Rejepowyň wokal döredijiligi: keşp baýlygy we stil aýratynlyklary» atly temasynda kompozitor Rejep Rejepowyň döreden aýdymlarynyň žanr baýlygy, milli aýratynlygyny, şeýle-de olarda ýewropa we milli däpleriň utgaşygyny derňedi.

Ýowbasarow Kuwwat ««Hürlukga we Hemra» dessanynyň aýdymlarynyň gurluşy we ýerine ýetirijilik aýratynlygy» atly temasynda türkmen halk saz döredijiliginde dessan däpleri, milli mekdepleriň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary we häzirki zaman dessançylyk sungatynyň ösüş ýollary barada maglumatlary berdi.

Ýazhanowa Suraý «Türkmen halk aýdymlaryň taryhy döreýşinde zenan atlary» temasynda milli halk aýdym-sazlaryň türkmen zenanlary bilen baglylykda  döreýşi we olarda gelin-gyzlaryň keşpleriniň beýany barada çykyş etdi.

Halkara bäsleşiginiň esasy maksady talyp ýaşlaryň ylmy gözleglerini işjeňleşdirmekdir, bu babatda: sungat we çeperçilik bilim bermekde ýaşlaryň innowasiýa mümkinçiliklerini giňeltmek; ýaş alymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek we olaryň ylmy gözleglerini durmuşa geçirmek; sazşynaslyk we sungatyň pedagogikasynda wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ylmy tejribeleri bilen paýlaşmak, şeýle-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda ýaş alymlaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekdir.

Orazjemal MYRADOWA,
Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Umumy fortepiano» kafedrasynyň müdiri.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok