Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýokary tehnalogiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sanly ykdysadyýet dünýäde innowasion bäsleşige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amal boldy.
Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Sanly tehnalogiýalar bazarynyň dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagynyň, aýratyn hem ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamynyň biri bolup, ýurdumyzyň hususy ulgamy üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçilmegi netijesinde hyzmatdaşlaryň gatnaşyklaryny sazlamaga, hyzmatlaryň bazaryny giňeltmäge, hyzmatyň täze hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýär we işewürlik usullaryny hem döredýär.
Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Göwher GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler