Ösümlik dünýäsiniň ajaýyp wekili – Eringium

Ylmy ady «Eryngium» bolan bu ösümlik saýawangüllüler maşgalasynyň bir görnüşidir. Ajaýyp gök reňkli gül ýapraklary üçin oňa «gök kellelije» hem diýilýär. Görnüşiň ýene başga bir ady Ortaýer deňziniň deňiz kenarlarynda köp ekilýän ýerlerinden gelip çykýan «deňiz gök otudyr».

Ol esasan hem tropiki, subtropiki zolaklarda, Meksikada, Günorta Amerikada giň ýaýran, maşgalanyň 230 töweregi görnüşi belli. 15 töweregi görnüşi gumly, gyrymsy agaçly ýerde we sähralarda ösýär.

Görnüşiň botanika beýany

Köp ýaýran, iki ýyllyk ösümlik. Baldagy göni, ýalpyldawuk, gök reňkli, beýikligi 30-40 sm çenli. Ýapraklary tutuşlygyna ýa-da çyzylan, köplenç dişli bolýar. Gülleri adaty saýawan görnüşindäki gül toplumyna jemlenen, ownuk, gök reňkli. Miwesi gaty gabyk bilen örtülendir.

Bu ajaýyp gül ösümligi islendik toprakda ekmek üçin amatly, ýöne has gowy ösmegi üçin çyglylygy köp toplaýan topraklar has ileri tutulýar.  Adaty haşal otlardan başga-da, gyrymsy agaçlaryň töweregindäki topragy yzygiderli ýumşatmak zerur. Iýun aýynyň ortalarynda uzyn inçe baldagyny direge daňmaly. Görnüşleriň köpüsi gyşa çydamly.

Köpeldiliş aýratynlyklary barada aýdylanda, tohum arkaly geçýär. Köki arkaly köpeltmek kyn, sebäbi kökleri döwülýär we ol kök urmaýar. Maý aýynda göçürilip oturdylýar. Ekiş işi azyndan 30-40 sm ösümlikleriň arasyndaky aralygy saklamak bilen amala aşyrylýar. Tohumlar gyşdan öň açyk ýerde ekilýär. Fewral-mart aýlarynda nahal ekip bilersiňiz. Ekilenden 20 gün geçenden soň, +18 ýylylyk derejede baldak peýda bolýar. Tohumlar kiçi bolanda göçürilýär. Adatça nesil bermeýän gibridler mikroklonirlemek arkaly köpelýär.

Uzyn boýly, gök hem mawy reňkli gülleri bilen ol gül çemenleri üçin nusgawy bezegdir. Käbir ýerlerde ol hakda yrymlar hem bar, ýagny bu gül guradylyp gapynyň agzynda asylýar we bu bolsa öýe erbet niýetleriň gelmeginden goraýar diýlip ynanylýar.

Eringium Günbatar Ýewropanyň halklarynyň arasynda dermanlyk ösümlik hökmünde giňden ulanylýar. Gan arassalaýjy hökmünde halk lukmançylygynda ösümlikleriň infuziýasynyň we ergininiň ulanylmagy giňden mälimdir. Dowamly bronhit, üsgülewük, böwrek daşlaryny aýyrmak we ukusyzlyk üçin ulanylýar. Ösümlik antitoksiki täsire hem eýe. Bu ajaýyp ösümlik Karib deňziniň ýerli aşhanasynda duzly tagamlara goşundy hökmünde giňden ulanylýar. Aziýa ýurtlarynyň köpüsiniň ýagny Taýland, Hindistan, Wýetnam aşhanasynyň möhüm düzüm bölegidir. Bu ösümlikden hoşboý ysly zatlara goşundy taýýarlamak hem ýörgünlidir. Dermanlyk maksat bilen ýapraklary we kökleri ulanylýar, şondan hem işdäni güýçlendirmek, iýmit siňdirişini gowulaşdyrmak we garyn agyrysyny köşeşdirmek üçin serişdeler alynýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok