Oňyn ösüşler bilen nurana geljege

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar hem abadan ýaşaýşy yzygider üpjün edilýär. Ýurdumyzda maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, Diýarymyzyň dünýä giňişligine goşulyşmagyna we onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ugurlary ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, oňyn ösüşler gazanylýar. Bu günki gün ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk we iri taslamalary taýýarlamak ulgamynda häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirilýär we netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň hususy kärhanalary hil babatda halkara ülňülere doly laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular. Munuň şeýledigini ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän hususy kärhanalar aýdyňlygy bilen subut edýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly we soňky ýyllarda ýol-ulag düzümine degişli taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan gurluşyk tehnikalary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine we ata Watanymyzyň sebitara, halkara multimodal gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny, geoykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin dürli görnüşli dökünleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak pudagyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we beýleki çig mallaryň ägirt uly gorlary, ony gaýtadan işlemek hem-de önümleri taýýarlamak boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mineral dökünleriň öndürilýän mukdarynyň, görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa bilen üpjünçiligini we yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelerini, onuň mümkinçilikleriniň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşini nazarlaýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Sapargül MUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok