Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary döwrebap terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. Şeýle-de terbiýäni edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalada çaga terbiýe berlende, oňa Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak öwredilende milli mirasymyz esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanyp, häzirki döwre gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olaryň bilimli-ylymly adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde ýaşlar milli ýörelgelerimize, gadymdan gelýän gymmatlyklarymyza diýseň uly üns berýärler. Elbetde, her bir ene-ata öz perzentleriniň akylly-başly, edep-ekramly, durmuşdan baş alyp çykyp bilýän bolmaklaryny isleýär. Bu babatda terbiýäniň aglaba bölegi maşgalanyň paýyna düşýär. Ilkinji nobatda ene-atalar maşgalada özlerini örän asylly we salyhatly alyp barmalydyrlar. Dünýä inip, aga-gara gözi düşüp başlan çagalar öz ene-atasynyň synçylary bolýandygyny unutmaly däldiris. Aslynda, terbiýe barada gürrüň edilende, maşgalada ýaşuly adamlaryň görelde bolmagy örän möhümdir. Bu babatda aýdylanda, ýaşlarymyzyň maşgaladaky ýaşuly nesle sylag-hormat bilen garap, olaryň gadyr-gymmatyny bilip, olary sarpalaýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde giňden şöhlelenýär. Türkmen halkynyň milli terbiýeçilik mekdebi «Kowusnama», «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly dessanlaryndan, şeýle hem halk döredijiliginiň beýleki nusgalaryndan eriş-argaç bolup geçýär. Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň, häzirki döwrüň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinde terbiýeçilik baradaky aýdyň pikirler hemişe nusgalyk ýörelge bolup durýar. Paýhasly Oguz handan, Gorkut atadan, pähimdar Jygalybegden, Görogludan gözbaş alýan türkmen milli terbiýeçilik mekdebi wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, çeper edebiýatda öz giňişleýin beýanyny tapýar.
Milli terbiýäniň esasy özenine ynsanperwerlik, watansöýüjilik, belent adamkärçilik ýaly asylly häsiýetler degişli. Bu häsiýetleri ýaş nesillere öwretmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler alnyp barylýar. Milli ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Maralgül BABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler