Döwrebap ösüşleriň möhüm şerti

Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. San­ly­laş­dyr­mak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin hil taý­dan tä­ze dö­wür­dir. Bu ba­bat­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir san­ly ul­ga­ma geç­mek her bir pu­dak üçin ze­rur bo­lup, ol umu­my ösü­şiň esa­sy şer­ti­ne öw­rül­di.

Ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy, ýurdumyzyň dürli ulgamynda sanly özgertmeleriň giň möçberde amala aşyrylmagyna itergi berýär. Ýurdumyzda elektron pudagyň döredilmegi, taýýar harytlyk önümlerini öndürýän önümçilik kärhanalaryny diwersifikasiýa ýoly bilen üpjün etmegiň degişli ulgamynyň ösdürilmegi, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek babatdaky anyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň esasy ykdysady görkezijileriniň ösüş depginlerini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýeti hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berer.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin ýur­du­myz­da kä­mil hü­när­men­ler taý­ýar­la­nyl­ýar, çün­ki, dün­ýä tej­ri­be­sin­den bel­li bol­şy ýa­ly, us­sat yk­dy­sa­dy­ýet­çi­le­riň bol­ma­gy halk ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Şu jä­het­den, ýur­du­myz­da kä­mil hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge, ola­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na uý­gun­la­şyp bi­li­ji­lik uky­byn­da taý­ýar­la­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Gel­jek­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­jek ta­lyp­la­ry okat­mak­da bi­lim ber­me­giň hä­zir­ki za­man döw­re­bap usul­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Bu gün­ki gün­de bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym-bi­lim­li bol­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler, giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dü­şün­dir­mek, dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek, mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek bi­lim ul­gamyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. 

Sähra AMANULLAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok