Ar­ka­dag şä­he­ri — bag­tyň sä­he­ri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadag şäheriniň dabarasy dag aşýar, at-abraýy dünýä ýaň salýar. Türkmenistan döwletimizde ak arzuwlaryň ajaýyp keşbi bolan Arkadag şäheriniň bu gün güýçli depginde gurluşygy alnyp barylýar. Bu sözlerimiziň aýdyň subudyny ýakyn günlerde bolup geçen taryhy wakalaryň mazmunynda hem görüp bilýäris.

Adyna alkyş ýagýan Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! // Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri gurluşygy ýaýbaňlandyrylýan Arkadag şäheriniň mazmunynda beýik şygar bolup hyzmat edýär. Arkadag şäherinde ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçilik meseleleriniň hatarynda, raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gulluk maksatly berlip, olarda 10 ýylyň dowamynda birkemsiz ýaşap, zähmet çeken maşgalalara jaýlary öz adyna geçirip bilýändikleri, ilki töleg geçirip, ýaşaýyş jaýlaryna gelen raýatlaryň hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolýandyklary bu sözlerimizi tassyklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tabşyrygy bilen, bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär».

Täze şäher pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýar. Şol bir wagtyň özünde, bu şäherde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi bolar.

Oguljeren DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok