Az salymdan Türkiýäniň 13-nji Prezidenti mälim ediler!

Şu gün ýagny 14-nji maýda Türk halky özüniň 13-nji Prezidentini we 28-nji möhletli mejlis agzalaryny saýlamak üçin saýlawlary ýerine ýetirdiler.

Bu saýlaw dünýädäki häzirki ýagdaýlary nazarda tutsak soňky 100 ýylyň taryhyndaky iň möhüm syýasy saýlaw bolup durýar.

Ýurtda Prezident saýlawlarynda hiç hili düzgün bozulmalary şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlar bolmazlygy üçin ýokary derejede howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Türkiýede ilatyň 60 million 697 müň 843-den gowragy dalaşgärlere ses berdi. 4 million 904 müň 672 saýlawçy ýurtda ilkinji gezek ses berdi.

Netijeler az wagtdan mälim bolar!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok