Türkmen edebiýatynyň buldurap akýan çeşmesi

Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri umumadamzat paýhasyny özünde jemlemek bilen, çuň many-mazmuna eýedir. Milli Liderimiz Magtymgulynyň türkmen halkynyň adyny dünýä dolduran şahyrdygyny aýdýar. Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, parahatçylyk, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde iň görnükli orny eýeleýär. Esasanam, şahyryň arassa ahlak, edep-terbiýe baradaky şygyrlarynyň nesil terbiýesinde ähmiýeti uludyr.

Beýik söz ussady Magtymgulynyň poeziýasy XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasyndaky metbugatda görnüp başlaýar. Onuň eserleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Ol edebi-çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli peýdalanypdyr. Akyldar Pyragy döwletlilige ýetmekde her bir türkmeniň ahlak kämilligine ymtylmalydygyny aýdyp, bu işi amala aşyrmak üçin öwüt-ündewleri edýär. Magtymguly gözel ahlak häsiýetleriniň ynsanyň ruhy dünýäsine ýetirýän oňyn täsirini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezýär, ýagşylyga çagyrýar, hoşniýetli bolmagy ündeýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — bu Magtymguly Pyragynyň arzuwlan beýik zamanasy. Bu gün Watanymyz Gahryman Arkadagy, Arkadagly Serdary bilen dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Halkymyz akyldar şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýandygy, işleýändigi, döredýändigi üçin bagtlydyr. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň binýady baky berk hem mizemez bolsun!

Ataguly BAÝRAMOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok