TDU-nyň talyplary halkara fizika olimpiadasynda 6 sany medal gazanmagy başardylar

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary iolymp (Open International Internet olympiad) halkara internet olimpiadasyna fizika ugry boýunça gatnaşdylar. Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) talyplary Çerkezow Kerim, Orazgeldiýew Gowşut we Artykow Musa altyn, Saparowa Aýşat kümüş, Sapargeldiýew Maksat we Usmanow Mekan bürünç medallara mynasyp boldylar.

Talyplara uniwersitetiň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň uly mugallymy Amantäç Gylyçmämmedowa we şol kafedranyň mugallymy Allamyrat Amanmädow dagylar ýolbaşçylyk etdiler.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.  

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok