Iň gowy sözler «A» harpdan başlanýar: «AŞGABAT»

«Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi»

Türkmenistanyň Prezidenti,
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Dogrudanam, iň gowy sözler: abadançylyk, asudalyk, arassalyk, abraý, aklyk, adalat, abatlyk, arzuw, ajaýyplyk… elipbiý tertibindäki ilkinji harpdan — «A»-dan başlanýar. Bularyň ählisi biziň paýtagtymyzda özboluşly sazlaşygy — beýik filosofiýany emele getirýär. Bir zady ynam bilen aýdyp bolar: elipbiýdäki ilkinji harpdan başlanyşy ýaly, Aşgabat — dünýäniň iň asuda şäherleriniň hem kerwenbaşysy.

Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyz ajaýyp ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen bu ýere myhman bolup gelenleri haýran galdyrýar. Ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.

Dünýä ýüzüniň göwher gaşyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gysga döwrüň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzda gurulýan ajaýyp binalar mähriban Watanymyzyň belent ösüşlerini aýdyň görkezýär. Her dürli suw çüwdürimlerine, gür baglyga beslenen seýilgähler, aýna ýaly şaýollar, aýlawly köprüler, häzirki zaman tehniki enjamlar ornaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, saglyk merkezleriniň binalary we beýlekiler paýtagtymyza gelýän köp sanly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Kimde-kim bu gün Türkmenistan atly döwletde amala aşyrylýan beýik işleri görmek, olardan doly habarly bolmak islese, Aşgabada gelsin!

Nurberdi ADYLOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok